«Türkmenhowaýollarynyň» başlygyna soňky duýduryş bilen berk käýinç yglan edildi

  • 09.09.2020 08:30
  • 36k+

Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Halkara howa menziline baryp gördi. Bu ýerde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy alnyp barylýan işleriň netijeleri, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Prezident döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn, şol sanda maliýe goldawynyň berilýändigine, salgyt tölemekde ýeňillikleriň döredilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň howa ýollary ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi.
Türkmen Lideri işleriň şeýle ýagdaýyna nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

düýn 09:58
7.9k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.5k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.4k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.7k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....