Türkmenistan we Gruziýa ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 07.09.2020 21:12
  • 9.3k+

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar berişleri ýaly, gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler.
Taraplar daşary syýasy edaralaryň arasynda hem-de pudagara geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
Ministrler bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek nukdaýnazaryndan Lapis Lazuli taslamasynyň hem ähmiýeti bellenildi. Awtomobil ýollarynyň hem-de deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy arkaly üznüksiz daşamalaryň we üpjünçiligiň wajyplygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň zerurlugy barada aýdyldy.
Şeýle-de wideokonferensiýanyň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

düýn 07:34
6.5k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.3k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

31.05.2026 13:10
6.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
8.4k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......