Hytaý dünýäniň iň iri nebit import edijisi bolmaga taýýarlanýar

  • 07.09.2020 20:30
  • 7.1k+

Hytaýyň hökümeti nebit önümlerini işjeň satyn almagyny dowam etdirýär. Awgust aýynda Hytaý nebitiň importuny geçen ýyla degişlilikde 12,6% artdyrdy. Ýurda getirilen nebit önümleriniň umumy göwrümi tomsuň soňky aýynda 47,48 mln tonna barabar boldy. Şeýle maglumatlary ýurduň Baş gümrük edarasynyň resmi wekillerine salgylanmak bilen “Reýter” agentligi neşir etdi. Muny glas.ru ýetirýär.

Belläp geçsek, Hytaý nebiti satyn almagy maýyň başynda meýilnama boýunça ýokarlandyryp başlady. HHR-iň resmi wekilleri ýurtda koronawirusdan soň dikelme işleriniň dowam edýändigini aýdýarlar. Nebite bolan isleg 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende birnäçe esse ýokarlandy. Iýunda Hytaýyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary nebiti satyn almak boýunça rekord goýdular – ýurda 53,2 mln tonna çig mal getirildi.
Hytaý bahalar güýçli pese gaçandan soň, ýangyjy satyn almagy güýçlendirip başlady. Martda nebitiň bahalary 40%-den gowrak pese düşdi.
Şeýle-de, uly tebigy gaz import edijisi bolan Hytaý 2020-nji ýylyň iýulynda turba-geçirijiler boýunça we suwuklandyrylan görnüşde 12,252 mlrd kub.m satyn aldy – bu 2019-njy ýylyň iýulyna garanda 13%, 2020-nji ýylyň iýunyna garanda 27% köpdür. Ýetilen dereje Hytaý üçin bir aýyň içinde importuň rekordly göwrümi bolup durýar.
Hytaý turba-geçirijileri boýunça gazy Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Mýanmadan import edýär. Birinji ýedi aýyň içinde Hytaý tebigy gazyň importuny 6%, ýagny 73,677 mlrd kub.m çenli ýokarlandyrdy.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......