Alymlar eti nädip bişirmeli däldigini duýdurýarlar

  • 07.09.2020 13:10
  • 21k+

Awstraliýaly we koreýaly alymlar gyzyl et gowrulanda, onuň gaty bişen ýerlerinde zyýanly birleşmäniň emele gelýändigini we onuň ýürek keselleriniň, insultyň we süýji keseliniň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Şeýle birleşmeler et ýokary temperaturada karamelizasiýa edilende emele gelýär. Barlagyň netijeleri "Nutrients" žurnalynda çap edildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Dünýädäki iň öňdebaryjy aşpezler eti grilde bişirmegi ýa-da kibirdewük bolýança gowurmagy maslahat berýärler. Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň we Kýonsan milli uniwersitetiniň hünärmenleri muny lezzetli görünse-de, adam saglygyna uly howp salýar diýip hasap edýärler.
Ýokary temperaturada - grilde, peçde ýa-da saçda gowrulanda, etde başgaça AGE diýlip atlandyrylýan glikasiýa ahyrky önümleri emele gelýär. Ol gowrulan et yzygiderli iýlende, bilen bedende toplanýar-da, öýjükleriň kadaly işlemegine päsgel berýär.
Bir aýdan köp dowam etmedik gözlege 2-nji görnüşli süýji keseli bolmadyk we bedeniniň agramy kadaly bolan 15 erkek hem-de 36 aýal gatnaşdy.
Alymlar iki berhiziň bedene täsirini deňeşdirip gördüler: birinji berhiz - gowrulan gyzyl et we gaýtadan işlenen däneler (HMD berhizi), ikinji berhiz - däne we süýt önümleri, hozlar we kösükliler, gaýnadylan, buga bişirilen ýa-da buga ýatyrylan ak etler (HWD diýetasy).
Netije ilkinji ýagdaýda ganda AGE önümleriniň ýygnanmagynyň derejesiniň ikinjiden ep-esli ýokarydygyny görkezdi.
Alymlaryň pikiriçe, ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaltmak üçin sarp edilýän gyzyl etiň mukdaryny azaltmak ýa-da iň bolmanda onuň taýýarlanyş usulyny üýtgetmek zerur. Ýogsa-da, haýal ýanýan otda bişirilen etli tagamlar bilen çalşylyp bilner.
Gowrulan gyzyl eti gaýtadan işlenmedik ösümlik iýmitleriniň - hurşuň, otlaryň, miweleriň we gök önümleriniň köp mukdary bilen bilelikde iýmek arkaly AGE önümleriniň mukdaryny belli bir derejede azaldyp bolýar.

26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......