«Real» dört oýunçysyny satyp, 100 mln ýewro gazanmakçy bolýar

  • 06.09.2020 12:14
  • 17k+

Madridiň «Realy» transfer penjiresinde birnäçe futbolçysyny satmagy meýilleşdirýär. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Ispan kluby hüjümçi ýarymgoragçy Garet Beýli, şeýle-de hüjümçiler Mariano Dias bilen Borha Maýoraly satmakçy bolýar. Klubda bu futbolçylary satmak bilen 100 mln ýewro töweregi gazanmagy göz öňünde tutýarlar. Klubdan Lukas Waskesiň hem gitmegi mümkin, ýöne onuň özi «Realdan» aýrylmak islemeýär.
Belläp geçsek, Beýl öz wagtynda «Realyň» iň gymmat satyn alan oýunçysy bolupdy, ýöne Çempionlar ligasyndaky haýran ediji gollaryna garamazdan, ol kluba öwrenişip bilmedi.
Ispaniýanyň çempionatynyň täze möwsümi 11-nji sentýabrda başlaýar. «Real» 20-nji sentýabrda myhmançylykda «Real Sosýedad» klubyna garşy birinji duşuşygyny geçirer.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......