Türkmenistanyň Prezidenti desgalaryň gurluşygynyň depginlerini tizleşdirmegi tabşyrdy

  • 05.09.2020 17:40
  • 18k+

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň, suw üpjünçilik we suwaryş desgalarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny we olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk şahsy gözegçilige almak tabşyryldy.

Türkmen Lideri gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegine, gurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigi barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutany degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginleriniň pesdigini, birnäçe desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmaly möhletinden yza galýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz gurluşyk senagatyny ösdürmek, täze önümhanalary we kärhanalary gurmak, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly ähli önümçilik kuwwatlyklaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri dowam etmek, şeýle hem degişli pudaklar üçin maýa goýumlaryny çekmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşýan häkimlere ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny, möhüm durmuş-medeni we düzümleýin desgalary gurmak arkaly ýerli ilatyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli desgalaryň gurluşygyna hem-de şolarda alnyp barylýan işleri öz wagtynda tamamlamak meselelerine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady.

şu gün 14:40
1.1k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
2k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....