“Mançester Siti” Messi bilen 700 million ýewrolyk şertnama baglaşdy

  • 02.09.2020 20:13
  • 22k+

"Mançester Siti" "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Gazeta.ru habar berýär.

Habar berlişine görä, şertnamanyň umumy bahasy 700 million ýewro bolup, ol bäş ýyla niýetlenendir. Argentinaly hüjümçä bölekleýin töleg hökmünde iňlis klubyny dolandyrýan “City Football” kompaniýasyndan paý hödürlenildi. Şeýle-de bolsa, firmany bahalandyrmak bilen bagly kynçylyklar sebäpli Messi pul hakyny makul görýär.
Şeýle hem hüjümçiniň üç ýyl "Mançester Sitide", soň bolsa "Nýu-Ýork Sitide" oýnajakdygy bellendi.
Messi katalon toparynyň öz ýetişdiren oýunçysy. Ol ilkinji gezek 2004-nji ýylda esasy düzümde meýdança çykdy we häzire çenli gök-narynçlar bilen bilelikde 34 titula eýe boldy. Hüjümçi "Altyn topuň" alty gezek ýeňijisi. Geçen möwsümde ol Ispaniýanyň çempionatynda 33 oýunda 25 pökgi geçirip, 21 asist pasyny berdi.
Şowsuz möwsümden soň, argentinaly hüjümçi şertnamany möhletinden öň ýatyrmak isleýändigini klubyna habar berdi.

düýn 22:01
3.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......