Horlanmagyň täsirli usuly tapyldy

  • 04.09.2020 15:01
  • 25k+

Ýutadaky (ABŞ) uniwersitetiň alymlary daraklygyňa basyp ýöremegiň üýtgeşik tarapyny ýüze çykardylar. Olara şeýle usulyň artykmaç kaloriýadan dynmaga kömek edýändigini anyklamak başartdy. Bu barada tnv.ru habar berýär.

Bu aýagyňy dabanyň öňki bölegine goýan ýagdaýyňda energiýanyň has täsirli ýaýraýandygy, myşsa işjeňliginiň bolsa 50-80% ýokarlanýandygy bilen baglydyr. Şeýlelik bilen, daraklygyňa basyp ýöremek kaloriýany ýokary derejede ýakmaga kömek edýär.
Özleriniň çaklamalaryny tassyklamak üçin alymlar tejribe geçirip gördüler, oňa 20-den 40 ýaş aralygynda 27 sany adam gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň käbirleri türgen, beýlekileri bolsa öň sport bilen meşgullanan adamlardy. Tejribä gatnaşyjylar basyş güýjüne gözegçilik etmek üçin plastinaly ýörite ylgaw ýodasy boýunça üç sany dürli usul bilen ylgap gördüler.

Tejribäniň esasynda şeýle netijeler bellige alyndy:
Birinjiden,
ädimiňi ökjäňden başlap ýöremek – energiýany sarp etmek meýilnamasynda hereketiň has tygşytly görnüşi. Şeýle ýagdaýda barmaklaryň ujunda ýöremeklige garanda, 53% az energiýa sarp edilýär. Daraklygyna basyp ýöränler ädimi ökjesinden başlanlara garanda, 83% köp energiýany sarp etdiler.
Ikinjiden, barmaklaryň ujunda ýörelende daban bilen injigi birikdirýän bognuň, dyzyň, buduň we arkanyň esasy myşsalarynyň işjeňligi ýokarlanýar.
Üçünjiden, ylganyňda energiýanyň sarp edilişinde tapawut dabanyň goýluş usulyna baglylykda az bolýar.
Tejribäniň awtorlarynyň düşündirmegine görä, adamlar üçin häsiýetli bolan ýöreýiş usuly energiýany az sarp etmäge kömek edýär. Elbetde, hereket etmegiň adaty usulyndan doly derejede ýüz öwürmek hökman däl. Ýöne her günde aýagyň ujunda bäş minut ýöremek ýöreýiş wagtynda herekete girýän myşsalary berkitmäge we artykmaç kaloriýadan dynmaga mümkinçilik berer. Amerikan we nemes alymlarynyň tejribeleriniň netijeleri lukmançylyk gurşawynda hem hünärmenlere, esasanam, ýagyrnydaky agyry bilen göreşmekde kömek etmeli.

düýn 12:08
4.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......