TOPH taslamasynyň owgan bölegi boýunça möhüm resminama gol çekildi

  • 02.09.2020 09:06
  • 10k+

Owganystanyň Kabul şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar berişleri ýaly, dabara 31-nji awgustda geçirildi.

Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwlet konserninden wekil M.Amanow dagy gol çekdi. Duşuşyga şonuň ýaly-da OYR-nyň Magdan we nebit önümler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.H.Çahansuri hem gatnaşdy.
Belläp geçsek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ýurtlary we tutuş dünýä üçin energiýa howpsuzlygyny hem-de zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir. Bu geljegi uly taslama OYR-nyň üsti bilen energiýa serişdeleriniň Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna eksport edilmegine ähmiýetli mümkinçilikleri döredýär. Bu taslama şol bir wagtyň özünde goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna hemmetaraplaýyn sazlaşykly utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......