BSGG: çäklendiriji çäreleriň gözegçiliksiz aýrylmagy heläkçilige getirýär

  • 02.09.2020 08:16
  • 11k+

Ýurtlar tarapyndan COVID-19 koronawirusyna garşy göreşmek üçin öň girizilen çäklendirmeleriň gözegçiliksiz aýrylmagy heläkçilige getirýär diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesusyň sözlerini kommersant.ru ýetirýär. Häzir çäklendirmeleri ep-esli gowşadan ýurtlaryň binäçesinde pandemiýanyň ikinji tolkuny hasaba alynýar.

“Pandemiýanyň ýüze çykanyndan sekiz aýdan soň biz adamlaryň ýadandygyna we olaryň durmuşyny mundan beýläk hem dowam etmek  isleýändigine düşünýäris... Eger-de ýurtlar, hakykatdan hem, açylmak isleseler, onda olar wirusyň geçijiligini basyp ýatyrmak hem-de adamlaryň janyny halas etmek işine çynlakaý garamaly. Ýurtlar wirusy nähili gowy gözegçilikde saklasalar, olar şonça-da açylyp bilerler. Ýagdaýy gözegçilik astyna almazdan açylmak – bu heläkçilige getirýän ugur” diýip, Gebreýesusyň beýannamasynda aýdylýar.

Gebreýesus dört sany düzgüni belledi. Ýagny, köpçülikleýin çäreleri çäklendirmeli, ölüm sanyny azaltmak üçin ilatyň wirusa gowşak bolan toparlaryny goramaly, şeýle-de hökümet kesellileri ýüze çykarmak üçin çäreleri kabul etmeli. Mundan başga-da, her bir adam öz goşandyny goşmaly: örtükleri dakynmaly, sosial araçägi berjaý etmeli we elleri ýuwmaly.

“BSGG ykdysadyýeti we jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşyny işjeňleşdirmek boýunça tagallalary doly derejede goldaýar. Biz çagalaryň mekdebe, adamlaryň bolsa iş orunlaryna dolanýandygyny göresimiz gelýär” – diýip, Gebreýesus sözüniň üstüni ýetirdi.

şu gün 13:01
3.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.7k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......