Tramp eBay-da öz golunyň bahasynyň näçe boljakdygyny aýtdy

  • 31.08.2020 19:16
  • 21k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň goluny eBay internet-auksionynda satsaň, $10 müň alyp boljakdygyny aýtdy. Bu barada ol, Daily Beast neşiriniň habar bermegine görä, “Laura” harasatynyň täsirlerini ýok etmeklige bagyşlanylan tegelek stolundan soň aýtdy. Muny rbc.ru ýetirýär.

“Ine, al. Agşam eBay-de satarsyň we on müň alarsyň. Eger-de men siziň adyňyzy ýazsam, onuň gymmaty ep-esli pese düşer. Şonuň üçin ony şu gün agşam eBay-de satyň” – diýip, Tramp özüniň goly çekilen ýazgyny tegelek stola gatnaşyjylaryň birine berip aýtdy. Öň, Tramp eBay-de $5 müňe durýan öz goly çekilen sport aýakgabyny görendigini aýtdy.

eBay saýtynyň maglumatlary boýunça, Trampyň gollary, adatça, örän pes baha bilen satylýar.
Tehas we Luiziana ştatlaryndaky “Laura” harasaty sebäpli 14 adam ýogaldy. Bäş adam ýykylan baglar sebäpli ýogaldy, bir ýaşaýjy bolsa gark boldy. Ýene sekiz adam ugar gazy bilen zäherlenmäniň netijesinde ýogaldy.
Luizianyň gubernatory Jon Bel Edwards bu harasaty sebitde bolup geçenleriň iň güýçlüsi diýip atlandyrdy, ýöne ol “Lauranyň” täsirleriniň garaşylyşyndan gowşak heläkçilikli bolandygyny belledi.
Ýatlap geçsek, Tramp respublikan partiýasyndan ABŞ-nyň prezidentligine resmi taýdan dalaşgär boldy.

şu gün 11:08
300

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.5k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......