Şu hepdäniň dowa­mynda ikinji gezek Tü­rkmenistandan Russiýa uçuş guraldy

  • 30.08.2020 22:28
  • 29k+

Ýekşenbe güni Russiýa­nyň Aşgabatdaky ilçih­anasy  pandemiýa sebä­pli Türkmenistanda ga­lan russiýalylaryň 15­7-si üçin Türkmenabat­dan Moskwa çarter uçu­şyny gurady. Bu barad­a Russiýanyň ilçihana­sy habar berdi.

“2020-nji ýylyň 30-nj­y awgustynda ir sagat­ 10:10-da Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan­ guralan S7 awiakompaniýasynyň 8536-njy ga­tnawy Türkmenabat hal­kara howa menzilinden­ Moskwa ugrady. Ýolagçylaryň umumy sany 15­7 adamdan ybarat bold­y" - diýip, diplomati­k wekilhananyň habarynda aýdylýar.

Munuň özi Russiýanyň ­ilçihanasy tarapyndan­ şu hepde Türkmenabatdan Moskwa guralan ikinji uçuş boldy. Sişenbe güni S7 awiakompaniýasynyň uçary Türkmenista­ndan Russiýa 156 sany adam­ alyp gitdi.

düýn 20:17
4.2k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......