Messi Neýmary "Mançester Sitä" geçmäge çagyrdy

  • 29.08.2020 15:12
  • 13k+

«Barselonanyň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi «Mançester Sitä» geçäýen ýagdaýynda, öňki topardaşy Neýmaryň hem öz ýanyna goşulmagyny isleýär. Bu barada ESPN habar gullugyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, Messi eýýäm «PSŽ-niň» braziliýaly hüjümçisi bilen habarlaşyp, Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş etmek islegi barada habar berdi. Argentinaly hüjümçi Neýmaryň hem toparyny üýtgetmek isleýändigine bil baglaýar.
Neýmaryň «PSŽ» bilen şertnamasynyň ýene iki ýyldan tamamlanýandygyny ýatladýarys.
Mälim bolşy ýaly, «Mançester Siti» Lionel Messini satyn almak isleýär. Iňlis kluby, eger-de Messi katalon topary bilen şertnamasyny bozmak kararyna gelse, 33 ýaşly hüjümçini erkin agent hökmünde almak ýaly ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutýarlar.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, «Pari Sen-Žermen» klubynyň sport direktory Leonardo Lionel Messiniň kakasy we agenti Horhe Messi bilen futbolçyny fransuz klubynyň düzümine almak boýunça gepleşikleri geçirdi. Emma Horhe Messi oglunyň «Mançester Sitiniň» peýdasyna çözgüt kabul edendigini aýtdy.

şu gün 08:32
704

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......