"KAMAZ" 2021-nji ýylda Türkmenistana 400 sany tehnika iberer

  • 29.08.2020 14:57
  • 11k+

Tatarystan Respublikasynyň "KAMAZ" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "Türkmenawtoulaglary" agentligi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde 2021-nji ýylda Türkmenistana dürli maksatly 400 sany tehnika iberer. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, Trend habar berdi.

"KAMAZ" häzirki wagtda şertnama esasynda 2020-nji ýyl boýunça enjamlar bilen üpjün etmek işini tamamlaýar.

"Ýerine ýetirilen işi we geljek üçin öňde goýlan maksatlary nazara alyp, Türkmenistan bilen "KAMAZ" AGPJ-niň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga diňe ýokary baha bermek mümkin" - diýip, kompaniýanyň wekili belleýär.

"KAMAZ" kompaniýasy iň soňky gezek iýul aýynda Türkmenistana ýörite ýangyn söndüriji ulaglary iberipdi.
Umuman aýdanyňda, "KAMAZ" AGPJ bilen Türkmenistanyň "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda, 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli dürli maksatly "KAMAZ" ulaglarynyň 1,982 sanysyny ibermek göz öňünde tutuldy.

düýn 15:16
1.4k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.4k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

düýn 09:51
2.5k+

Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi...

düýn 09:40
1.8k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...