Ronaldunyň goly Çempionlar ligasynda möwsümiň iň owadan goly diýlip ykrar edildi

  • 29.08.2020 14:21
  • 11k+

UEFA janköýerleriň ses berlişiginden soň Çempionlar ligasynyň 2019/2020 möwsüminiň iň gowy bäş goluny kesgitledi. Bu barada championat.com habar berdi.

1/8 finalda “Lion” (2:1) bilen bolan oýunda “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň geçiren goly birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýerde toparçadaky duşuşykda “RB Leipzigiň” ýarymgoragçysy Marsel Zabitseriň “Zenidiň” (2:1) derwezesine geçiren goly bar.
Şeýle hem ilkinji bäşlige “Ýuwentusyň” ýarymgoragçysy Huan Kuadradonyň "Atletikonyň" derwezesine (2:2), “Barselonanyň” hüjümçisi Luis Suareziň “Intere” (2:1) we “Bawariýanyň” ýarymgoragçysy Serž Gnabriniň “Liona” geçiren gollary girýär (3:0).
Mundan başga-da, Bolgariýanyň "Ludogoresiniň" hüjümçisi Klaudiu Keşeriniň "CSKA Moskwa" garşy geçiren pökgüsi UEFA tarapyndan Ýewropa ligasynda soňky möwsümiň iň owadan goly hökmünde ykrar edildi.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......