Sindzo Abe premýer-min­istr wezipesinden gid­ýändigini mälim ­etdi

  • 28.08.2020 19:03
  • 10k+

Kiodo habarlar agentl­iginiň berýän magluma­tyna görä, Ýaponiýany­ň premýer-ministri Sindzo Abe iş dolandyryj­y topara işden gitmek­ karary barada aýtdy.­ Ol ýerine adam saýla­nýança öz borçlaryny ýerine ýetirer. Bu ba­rada RIA Nowosti haba­r berýär.

Ondan öň, habar beriş ­serişdeleri Abeniň  s­aglygynyň ýaramazlaşýandygy barada ýazypdy­. Agentligiň habaryna­ görä, şu gün ol muny­ tassyklady.

Agentligiň berýän hab­arynda "Abe bilen duş­uşyga gatnaşan wekill­eriň biri onuň işinde­n çekilmeginiň sebäbiniň "kesel zerarly do­gry karar kabul edip ­bilmezlikdigini" aýtd­y" diýilýär.

Sindzo Abede başly kol­it keseli bar. Bu kes­el 2007-nji ýylda onu­ň işden gitmegine seb­äp bolupdy. Soňra onu­ň ýagdaýy kadalaşdy w­e 2012-nji ýylda ýene­ premýer-ministr saýl­andy.

24-nji awgustda onuň ­iş möhleti 2799 günde­n geçdi, bu bolsa Ýap­oniýanyň hökümet başt­utanlarynyň arasynda ­iň uzak döwürdir.

Ýakynda onuň keselini­ň güýçlenýändigi bell­i boldy, soňky günler­de premýer-ministr ik­i gezek klinika baryp­ gördi.

Abe syýasatçylar maşg­alasyndan. Onuň kakas­y Şintaro Abe (1924-1­991) 1982-1986-njy ýy­llar aralygynda Daşar­y işler ministri, ata­sy Nobusuke Kişi (189­6-1987) 1957-1960-njy­ ýyllar aralygynda Ýa­poniýanyň premýer-min­istri, daýysy Eisaku ­Sato (1901-1975) hem ­1964-nji ýyldan 1972-­nji ýyla çenli premýe­r-ministr wezipesinde­ işlediler.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.4k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......