Türkmenistanda «Awtoulag kärhanalar birleşigi» döredilýär

  • 28.08.2020 15:34
  • 22k+

Türkmenistanda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň esaslandyrmagynda “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu taslama Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna — esaslyk maýadaky paýy 40 göterim we Awtomobil mekdepleriniň birleşigine — esaslyk maýadaky paýy 30 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün eder.
Bellenilişi ýaly, bu resminama milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda awtomobil ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 15:16
1.4k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.4k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

düýn 09:51
2.5k+

Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi...

düýn 09:40
1.8k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...