Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyr desgalary «Altyn kölüň» kenarynda gurlar

  • 27.08.2020 02:19
  • 20k+

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan Türkmenistanyň hususy gurluşyk kompaniýalary bu işler tamamlanandan soň, «Altyn kölüň» kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişerler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda degişli görkezmeleri berdi.

Saparyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän “Altyn köl” täze döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-Sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow munuň bilen baglanyşykly meseleleri düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.

düýn 16:15
2.9k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
897

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......