«Aýdyň gijeler» HJ smartfonlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

  • 27.08.2020 01:50
  • 22k+

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýakyn wagtda Türkmenistanda dürli kuwwatly split ulgamlaryny, öýjükli telefonlary, smartfonlary, kompýuter monobloklaryny, 65 dýumlyk «Smart LED» telewizorlaryny ýygnap düzmek işlerine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Şeýle hem kompaniýa sowadyjylaryň we suw sowadyjylarynyň (kulerleriň) önümçiligini hem meýilleşdirýär.
Elektronika we tehnologiýalar merkezi Aşgabat şäheriniň ozalky «Türkmenkabel» kärhanasynyň çäginde açylypdy. Bu ýerde öndürilýän elektron hem-de elektrotehnika önümleri içerki bazara, şeýle hem eksport üçin niýetlenendir diýlip, habarda aýdylýar.
Hojalyk jemgyýeti şu ýylyň iýun aýynda alyjylara «Tolkun» haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem «Zemin» haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de «4K Ultra HD» durulykly telewizorlary alyjylara hödürledi.

düýn 17:02
852

Hytaýda AI-niň zerurlyklary üçin niýetlenen kuwwatly hasaplaýyş klasteri işe girizildi

Çençžou şäherinde Hytaýyň iň uly ylmy hasaplaýyş klasteri işläp başlady, ol çylşyrymly ylmy barlaglary awtomatlaşdyrmak üçin 60 000 emeli aň tizlendirijisini özüne birleşdirýär....

düýn 16:55
5.1k+

Trampyň heniz çykmadyk smartfonynyň dizaýny täzelendi

Trump Mobile kompaniýasy özüniň resmi saýtyny täzeledi we T1 Phone smartfonynyň täzeden işlenilen wersiýasyny hödürledi....

düýn 16:42
1.2k+

Huawei Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlaryny dünýä bazaryna çykarýar

Huawei kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda hataryň resmi tanyşdyrylyşyndan soň Hytaýyň daşynda satuwa çykaryljak Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlarynyň global wersiýalarynyň tehniki häsiýetnamalaryny mälim......

düýn 16:26
2.1k+

Samsung ýat ýetmezçiligi sebäpli ABŞ-da öňdebaryjy Galaxy smartfonlarynyň bahasyny gymmatladýar

Samsung kompaniýasy Amerikan bazarynda Galaxy Z Flip 7, Galaxy S25 FE we Galaxy S25 Edge smartfonlarynyň bahasynyň gymmatladylandygyny yglan etdi. Bahalaryň gymmatlamagy esasan hemişelik ýadyň göwrümi uly......