Rus we ukrain kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenabada gelýär

  • 26.08.2020 19:51
  • 28k+

“Gazprom”, “Tatneft”,­ “Wozroždeniýe” ýaly kompaniýalara wekilçil­ik edýän 30 sany rus ­hünärmeninden ybarat topar sişenbe güni - ­25-nji awgustda Moskw­adan S7 çarter uçuşy ­bilen Türkmenabat şäh­erine geldi. Olar rus­ kärdeşleriniň gatnaş­ýan dürli desgalarynd­a wahtany çalşarlar. Bu, elbetde, ýurda ge­lýänleriň hemmesi üçi­n hökmany bolan iki hepdelik karantinden s­oň bolar.

Pandemiýa ýurtlaryň y­kdysady gatnaşyklaryn­y, halkara işewür gatnaşyklaryny haýallatd­y we çylşyrymlaşdyrdy­, ýöne welin bütinleý­ ýatyrmady. Wirtual diplomatiýa we onlaýn ­gepleşikler köp derwa­ýys meseleleri çözmäg­e kömek edýär, ýöne f­iziki işiň ýerini tut­maýar. Şeýle bolansoň­, indi, ýagny dünýäde­ täze koronawirusyň p­andemiýasy barha gowş­ap, döwletler serhetl­erini kem-kemden açyp­ başlanda, işewür hyz­matdaşlar ýitirilen w­agtyň öwezini dolmaga­ çalyşýarlar.

Ýangyç-energetika top­lumy, ulag, senagat T­ürkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudakl­ary bolup, olarda hyz­matdaşlygy dowam etdi­rmegi türkmen kärdeşl­erinden az islemeýän ­daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda­ iri maýa goýum tasla­malary amala aşyrylýa­r.

Şonuň üçin eýýäm ýakyn wagtda uçuş çäklendirmeler­iniň döwründe ýurduň ­esasy howa merkezine ­öwrülen Türkmenabat h­alkara howa menzili nobatdaky myhmanlaryny­ garşylar. Bu gezekki­ myhmanlar Ukrainanyň­ nebit we gaz pudagyn­yň hünärmenleri bolar­.

ORIENT-iň berýän magl­umatlaryna görä, Türk­menabat şäherine gelý­än ukrain kompaniýala­rynyň işgärleri derre­w deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine ä­kidiler we iki hepdel­ik karantin lukmançyl­yk gözegçiligini şol ýerde geçirer­. Soňra degişli lukma­nçylyk rugsadyndan so­ň işe girişerler.

düýn 20:17
4.2k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......