Russiýa 156 sany raýatyny Türkmenistandan alyp gitdi

  • 25.08.2020 16:06
  • 26k+

S7 rus awiakompaniýasynyň 8356 belgili «Türkmenabat — Moskwa» ýörite uçuşy koronawirus pandemiýasy zerarly Türkmenistanda galan Russiýa Federasiýasynyň 156 sany raýatyny ýurtdan alyp gitdi. Bu barada RF-iň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Ýörite uçuş Russiýanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan guraldy.
Öň, TmCars – Habarlar Türkmenistanyň Deliden we Minskden öz raýatlaryny Watanymyza getirendigi barada ýazypdyk.

düýn 18:53
6.8k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.2k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......