Koronawirus Useýn Boltuň hem «yzyndan ýetdi»

  • 26.08.2020 07:30
  • 14k+

Sekiz gezek olimpiýa çempiony Useýn Bolt täze görnüşli koronawirus bilen keselledi. Bu barada Ýamaýkanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, regnum.ru habar berýär.

Edaranyň maglumatlary boýunça, meşhur türgeniň koronawirus üçin barlagy položitel netijäni berdi. Häzir Bolt aýry saklanylýar. Türgeniň saglyk ýagdaýy barada başga maglumatlar habar berlenok.
Ýatlap geçsek, ýeňil atletikaçy Useýn Bolt heniz hem taryhda iň çalasyn adam titulyny saklaýar. Ol 2009-njy ýylda 100 metr aralykda 9,58 sekunt bilen dünýä rekordyny goýdy, bu rekord häzire çenli täzelenenok.
21-nji awgustda Bolt köp sanly belli türgenleriň kampaniýasynda 34 ýaşyny belledi. Oturylyşyk agşamyna “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Rahim Sterling, “Baýeriň” hüjümçisi Leon Beýli, kriket oýunçysy Kris Geýl, şeýle-de ýamaýkaly reggi-ýerine ýetirijisi Kristofer Martin çagyryldy. Boltuň oturylyşyk agşamyny geçireninden soň, COVID-19 üçin položitel netijäni berendigi bellenilýär.
Bolt sport karýerasyny 2017-nji ýylda tamamlady.

şu gün 08:03
1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
5.8k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......