Türkmenistanda jemgyýetçilik taksisi hyzmaty hereket eder

  • 24.08.2020 08:39
  • 30k+

Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin jemgyýetçilik taksisi hyzmaty ýola goýlar. Bu hili hyzmatlary ýerine ýetirmegiň düzgünleri "Türkmenawtoulaglary" agentligi tarapyndan işlenip düzüldi.

Düzgünlere laýyklykda, jemgyýetçilik taksisi — bu az hereketli raýatlary sosial taýdan möhüm desgalara, meselem, ýurduň häkimliklerine; Türkmenistanyň Adalat ministrligine we onuň ýerlerdäki bölümlerine; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine we onuň territorial edaralaryna; ýaşaýyş jaýlaryna; pension gaznasy bölümlerine; saglygy goraýyş edaralaryna (gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi ýagdaýlaryny hasaba almazdan); maýyplaryň jemgyýetçilik guramalaryna; awtomenzillere, menzillere we aeromenzillere (ýaşaýan ýerine tarap ýol boýunça, bejergä) äkitmek üçin ýeňillikli tarifi bolan hyzmat.
Jemgyýetçilik taksisi hyzmatynyň awtomobilleri ýörite ýük galdyrylýan mehanizmler bilen enjamlaşdyrylan, bu öz gezeginde arabaly-maýyplaryň gatnadylmagyny ýeňilleşdirýär.
Jemgyýetçilik taksisi hyzmatyndan adamlaryň kesgitli bir kategoriýalary peýdalanyp bilýär, has dogrusy:

  • doglanyndan maýyp bolan çagalar;
  • umumy keseliň (şol sanda iş bilen bagly bolmadyk şikesleriň), önümçilik şikesleriň, kär bilen bagly döreýän keselleriň netijesinde maýyp bolanlar;
  • harby gullugyň maýyplary:

Jemgyýetçilik taksisinden iş günleri sagat 8:00-dan 17:00-a çenli peýdalanmak bolýar.
Talaplygy maýyplaryň jemgyýetçilik guramalary arkaly ýa-da 8:00-dan 17:00-a çenli iş wagtynda gönüden-göni telefon boýunça galdyrmak bolýar.
Möhüm: jemgyýetçilik taksisi hyzmatyna talaplygy gitmeli diýlip meýilleşdirilen günden üç iş güni öň galdyrmaly.

Jemgyýetçilik taksisi hyzmaty ylalaşyk esasynda amal edilýär. Hyzmat üçin tölegleri raýatlaryň özleri hem, olaryň garyndaşlary ýa-da jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem tölegiň islendik usuly arkaly amal edip bilýärler.
Bu düzgünler «Awtomobil ulagy hakynda», «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustyndaky № 14384 belgili Kararyna we Ýolagçylary hem-de ýükleri awtomobil ulagy arkaly daşamagyň düzgünlerine laýyklykda, 2017-2020-nji ýyllar üçin zähmet we iş pudagynda maýyplaryň hukuklaryny doly durmuşa geçirmegi üpjün etmek boýunça çäräniň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip düzüldi.

şu gün 11:13
71

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

şu gün 10:55
253

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

şu gün 08:53
883

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
2.8k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....