Gyrgyzystan Türkmenistanyň raýatlary üçin serhetlerini açýar

  • 23.08.2020 19:05
  • 22k+

Gyrgyzystanyň Hökümeti 31 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduna girmäge rugsat berdi.

Döwletleriň sanawyna Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, şeýle hem Aziýanyň we Ýewropanyň käbir beýleki döwletleri girýär. Munuň özi bu ýurtlarda keselçiligiň gowşamagy bilen düşündirilýär diýip, 24.kg belleýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlaryna görä, biziň ýurdumyzda koronawirus ýokuşmasy bilen bagly ýeke ýagdaý hem hasaba alynmady we amatly epidemiologik ýagdaý saklanyp galýar.
Belläp geçsek, Gyrgyzystan koronawirusyň dünýäde ýaýramagy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda serhetlerini ýapypdy. Ýurda diňe diplomatlara we resmi wekiliýetlere girmäge rugsat berlipdi.

 

düýn 23:10
7.3k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.1k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......