YouTube, Instagram, TikTok ulanyjylaryň maglumatlary internete ýaýrady

  • 22.08.2020 08:18
  • 13k+

Kiberhowpsuzlyk boýunça barlagçylar internet torunda "Instagram", "TikTok" we "YouTube" ulanyjylarynyň şahsy maglumatlaryny özünde jemleýän 235 million sany goragsyz maglumatlar binýadyny tapdylar. Bu barada “Comparitech”-e salgylanyp, “The Next Web” portaly habar berýär.

Birleşdirilen maglumatlar binýadyndaky her bäşinji hasapda ulanyjynyň e-poçta ýa-da telefon belgisi bar. Mundan başga-da, ähli ýazgylarda hasabyň adyny, ulanyjynyň hakyky adyny, suratyny we profil ýazgysyny tapmak bolýar. Açyk maglumatlaryň içinde ulanyjylar bilen bir hatarda, olary yzarlaýjylaryň hem ýaş, jyns, geolokasiýa we beýleki görkezijileri boýunça jikme-jik statistikasy bar.

"Bu maglumatlaryň fişing kampaniýalaryny alyp barýan spamerler we kiber jenaýatçylar üçin belli bahasy ýok. Maglumat köpçülige elýeterli bolsa-da, oňat gurluşly maglumatlar bazasyna birleşdirilendigi ony islendik aýratyn profilden has gymmatly edýär" - diýip, "Comparitech"-iň redaktory Pol Bişoff aýtdy.

Web-skreýpingiň netijesinde toplanan maglumatlary statistika kompaniýalary öz taslamalary üçin ýa-da beýleki kompaniýalara alyp-satmak üçin ulanýarlar. Bişoffyň belleýşi ýaly, parolsyz goralmadyk görnüşde aç-açan elýeterli maglumatlar binýady kiberhowpsuzlyk üçin çynlakaý howp bolup durýar.

düýn 07:41
7.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
5.9k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......