Sanjym taýýarlanylanda nämedir bir zady ogurlamak mümkin däl diýip, hünärmen aýtdy

  • 18.08.2020 21:08
  • 17k+

Sanjym taýýarlananda nämedir bir zady ogurlamak mümkin däl: sanjymy döretmegiň algoritmi öňden bäri belli, munda uly syr ýok diýip, lukman-infeksionist, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Nikolaý Malyşew hasaplaýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Russiýanyň saglygy goraýyş ministrligi ýakynda Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýanyň milli barlag merkezi bilen Göni maýa goýumyň rus gaznasy tarapyndan taýýarlanan COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak üçin dünýäde birinji sanjymy bellige aldy. Ol “Sputnik V” adyny aldy. Göni maýa goýumyň rus gaznasynyň ýolbaşçysy Kirill Dmitriýew häzirki wagtda gaznanyň dünýäde birinji bellige alnan koronawirusa garşy döwlet sanjymynyň milliard dozasyny satyn almak barada 20-den gowrak ýurtdan islegi kabul edendigini habar berdi. Ol Russiýanyň sanjymyň önümçiligi barada ýylda 500 million dozany öndürmäge mümkinçilik berýän güýji bolan bäş ýurtda ylalaşyk gazanandygyny belledi.

“Elbetde, siz sanjymy nähili taýýarlamalydygyny bilýärsiňiz, muny tutuş dünýä bilýär. Bu ýerde nämedir bir zatlary ogurlamak, hakykatda mümkin däl, sebäbi munda uly bir syr ýok” – diýip, Malyşew “Russiýa şu gün” Halkara habarlar agentliginiň metbugat maslahatynda daşary ýurt hünärmenleri taýýar önümiň esasynda rus sanjymyny öndürip bilerlermi we şeýle işler nähili goralýar diýen soraga jogap bermek bilen aýtdy.

düýn 23:49
760

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....