Alymlar ölüm howply önümleriň sanawyny düzdüler

  • 18.08.2020 15:02
  • 25k+

ABŞ-nyň sanitar gözegçilik boýunça edarasynyň alymlary adamlaryň her günde kabul edýän ölüm howply önümleriniň sanawyny düzdüler. «Sözcü» türk gazeti materialy dolulygyna neşir etdi, bu barada iz.ru habar berýär.

Her bir punkty jikme-jik seljermek bilen, hünärmenler hemmeler üçin adaty bolan iýmit önümleriniň kabul edilmeginiň howpunyň nämededigini düşündirdiler.
Meselem, ýumurtga nädogry saklananda we taýýarlananda howply keseliň çeşmesi bolup bilýär. Alymlar ony çig kabul etmezligi, holodilnikde saklamagy we onuň täzeligine üns bermegi maslahat berýärler.
Sanawa kömelek hem girdi. Hünärmenler olaryň arasynda köp sanly zäherlileriň we iýilmeýän görnüşleriniň bardygyny düşündirdiler. Kömelegi ýoluň ugrundan hem-de zir-zibil dökülýän ýerleriň we senagat kärhanalarynyň ýanyndan çöplemezlik maslahat berilýär. Şeýle-de, nätanyş kömelekleri hem almaly däl. Kömelekleriň garyşyk görnüşini hem almak howply bolup biler, çünki olaryň düzümi heniz doly belli däl.
Hatda brokkol hem howpy döredip bilýär. Bu önüm düzüminde içege taýajygyny saklap bilýär, şonuň üçin taýýarlamazdan öň ony mazaly ýuwmaly. Şeýle düzgün düýp-sogana hem degişli.
Tunes göwreli aýallar üçin, has dogrusy, göwredäki çaga üçin howply bolup bilýär. Bu balykda simabyň ýokary derejesiniň bolmagy bilen baglydyr. Sanawdaky deňiz önümleriniň ýene biri ýaşaýan ýerindäki suwuň ähli düzümini özüne siňdirýän iýilýän deňiz mollýuskalary (ustrisa) boldy. Bu önümiň taýýarlanyş hiline üns bermeli, sebäbi ol çalt zaýalanýar.
Hoz iýmit allergiýasyna sebäp bolup biler. Bu, esasan, arahise degişli. Barlag işini geçirijiler zyýan çekenleriň köpüsiniň iýmitde bu önümi ulanmankalar, özlerinde allergiýanyň bardygyndan habarlarynyň ýokdugyny bellediler.
Alymlar kofeniň hem organizme täsiriniň negatiwdigini aýtdylar we çendenaşa kabul edilen ýagdaýynda onuň suwsuzlyga, uky režiminiň we ýürek myşsalarynyň işiniň bozulmagyna getirýändigini bellediler. Şeýle-de, kofe dişiň saralmagyna getirýär.
Sanawy büzmeçe şöhlatlary jemleýär. Barlaglar on ýaşa çenli çagalarda demgysma ýagdaýynyň 20%-niň büzmeçe şöhlaty iýilen wagtynda ýüze çykýandygyny görkezdi.

düýn 18:05
4.4k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.7k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.2k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
3.1k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......