“The Economist” neşiri dollaryň geljegi barada aýtdy

  • 19.08.2020 17:10
  • 36k+

Dollaryň dünýä boýunça agalygy ABŞ-nyň ählumumy liderligi ýaly ýene birnäçe ýyllap özüniň derejesini gorap saklar. Şeýle çaklamany «The Economist» britan neşiri öňe sürýär, muny riafan.ru ýetirýär.

Häzirki tomus Birleşen Ştatlaryň hem özi üçin, hem olaryň milli walýutasy üçin uly synag boldy. Iýulda dollar beýleki dünýä walýutalarynyň sebedine gatnaşykda 4%-den gowragyny ýitirdi. Hünärmenler altynyň bahasynyň we ýewronyň gymmatynyň ýokarlanandygyny hasaba almak bilen, soňky on ýylyň içinde munuň hümmetiň iň uly pese gaçyşydygyny belleýärler.
Wakalaryň bitewi toplumy dollaryň gymmatynyň gaçmagyna getirdi. Koronawirus pandemiýasynyň ýokary derejesi ABŞ-nyň ykdysadyýetine güýçli täsir etdi, jynsparazlygyň we tertipsizligiň netijeleri bu ýagdaýy has hem güýçlendirdi. Analitikleriň birnäçesi Ak öýüň dünýä ykdysady täsiriniň soňy gelýär diýip hasaplaýarlar. Aýratynam, barha köpelýän döwlet karzy we döwlet maşynynyň disfunksiýasy halkara bileleşigini amerikan walýutasynyň mundan soňky ygtybarlygyna şübhelenmäge getirýär.
Ýöne «The Economist» neşiriniň synçysy amerikan walýutasynyň agalyk edýän ýagdaýynyň tamamlanyp bilmegi Waşingtonyň öňki kuwwatyny ýitirjekdigini aňlatmaýar diýip hasaplaýar. Soňky on ýylyň dowamynda dollardan ätiýaçdaky walýuta derejesini aýyrmak ýeke gezek hem başartmandy. Bu, esasan, ABŞ-nyň beýlekileriň üstünden diňe bir ykdysady rüstemlige däl-de, eýsem Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň gerek bolan bitewi global ykdysadyýeti döretmekde herekete girizmäge çekinmeýän uly harby güýjüne eýe bolmagy bilen düşündirilýär.
Şeýlelik bilen, Ak öýüň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan global söwdany täzeden gurmak işi eger-de ABŞ-nyň garşydaşlaryna dünýä arenasynda amerikanlar tarapyndan gurnalan tertibi ýumurmak başartmasa, dollaryň agalyk ediji ýagdaýyny birnäçe ýyl gorap saklap biler.
“Nikkei Asian Review” ýapon neşiriniň hünärmenleri işleriň häzirki ýagdaýyny seljerip, Russiýa we Hytaý dollary iki taraplaýyn hasap işlerinde barha az ulanmak bilen, “dollary ýitirýärler” diýen netijä geldiler.

düýn 20:46
959

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.2k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......