«Barselonanyň» oýunçylary Hawini tälimçi edip bellemegi talap edýärler

  • 18.08.2020 01:07
  • 10k+

«Barselonanyň» liderleri klubda düýpli özgertmeleri geçirmegi talap edýärler, bu barada As neşirine salgylanmak bilen sports.ru habar berýär.

Futbolistler «Bawariýadan» (2:8) ýeňilmekde özleriniň hem jogapkärçilik çekýändikleri bilen ylalaşýarlar, ýöne olar özlerini taktiki taýdan gowy taýýarlamadylar diýip hasaplaýarlar. Oýunçylar bu netijä «Barselonanyň» ýolbaşçylygyndaky tertipsizlik getirdi diýip hasaplaýarlar.
Futbolistler klubyň häzirki prezidenti Žozep Bartomeunyň ilkibada 2021-nji ýylyň tomsuna meýilleşdirilen prezident saýlawlaryny möhletinden öň gurnamagyny isleýärler.

«Atmosfera aşa dartgynly. 1-2 sany täze adamlary getirip, üýtgeşik transferi etmek bilen, ähli zady düzetmek mümkin däl. Bize gaýtadan «ýüklenmek» gerek» – diýip, katalon klubynyň ady agzalmadyk futbolistleriniň biri aýtdy.

Mundan başga-da, oýunçylar kluba topary jebisleşdirmäge we ruhlandyrmaga ukyply bolan, «Barselonany» bilýän tälimçi gerek diýip hasaplaýarlar. Olar şeýle tälimçi hökmünde toparyň ozalky ýarym goragçysy, häzir «Al-Sadda» ýolbaşçylyk edýän Hawini görýärler.
Belläp geçsek, katalon klubynyň resmi saýtynda Kike Setýeniň wezipesinden boşadylandygy barada habar berildi.

düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....