Ýolbaşçylar düzümine ýygnaklary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirmek tabşyryldy

  • 15.08.2020 14:37
  • 20k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ýygnaklary wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly geçirmelidigini belledi. Türkmen Lideri ministrleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bolsa, ýygnaklara bellenen arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, az sanly adamlary, ýagny diňe esasy ýolbaşçylary çagyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň ahyryna çenli birnäçe möhüm çäreleriň, ýagny 31-nji awgustda we 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, sentýabr aýynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini hem-de ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk baýramynyň, dekabr aýynda bolsa Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk ýubileýiniň bellenilip geçiljekdigini habar berdi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

düýn 20:17
4.2k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......