HMD Global Google, Qualcomm we Nokia kompaniýalaryndan $230 mln möçberde maýa goýumy özüne çekdi

  • 14.08.2020 23:54
  • 3.8k+

Nokia brendi astynda smartfonlary çykarýan HMD Global kompaniýasy A2 seriýasyny maliýeleşdirme tapgyrynyň çäklerinde Google, Qualcomm we Nokia-nyň bölümçesi Nokia Technologies kompaniýalaryndan başlap, özüniň käbir strategik hyzmatdaşlaryndan 230 million dollary özüne çekdi. Bu barada mobidevices.ru habar berýär.

Bu tapgyr hem özüniň göwrümi (HMD munuň şu ýylda Ýewropada ululygy boýunça üçünji maliýeleşdirme tapgyrydygyny aýdýar), hem strategik maýa goýujylaryň düzümi bilen tapawutlanýar. Maýa goýujylaryň ählisiniň adyny fin öndürijisi mälim edenok. Her bir kompaniýa tarapyndan girizilen maýa goýumyň möçberi hem belli däl.
HMD Global 5G ulgamyny göterýän smartfonlaryň toplumyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Öndüriji täze bazarlara, şol sanda Braziliýa, Hindistana we Afrika çykmagy hem meýilleşdirýär. HMD öndürijiniň smartfonlary wersiýasy Google tarapyndan çykarylýan Android One operasion ulgamynyň dolandyrmagy bilen işleýär. Bu ulgam Google Pixel smartfonlaryna hem oturdylýar.
HMD-niň 5G aragatnaşygyny göterýän birinji smartfony Nokia 8.3 5G satuwa sentýabrda çykýar. Maýa goýumlar 5G ulgamyne eýe bolan gymmat bolmadyk smartfonlary taýýarlamak işini çaltlandyrar diýlip, kompaniýada bellenilýär. Mundan başga-da, HMD adaty arzan telefonlary çykarmagy dowam etdirmekçi bolýar. COVID-19 pandemiýasy söwda işine täsirini ýetirdi, ýöne kompaniýada nygtalyşyna görä, maý we iýun aýlarynda isleg dikeldi, eýýäm iýunda kompaniýa girdeji gelip başlady.
Belläp geçsek, şu ýylyň birinji çärýeginde satuw bary-ýogy 1,7 mln smartfona barabar boldy, geçen ýylyň dördünji çärýeginde bu görkeziji 4,8 milliona ýetipdi. Häzirki wagtda Nokia-nyň bazarda paýy bary-ýogy 1%-e barabar (13-nji orun).

şu gün 11:08
376

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.5k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......