Dueýn Jonson — dünýäde iň ýokary hak tölenýän aktýor

  • 15.08.2020 01:33
  • 21k+

«Forbes» amerikan neşiri iň ýokary girdejili aktýorlaryň her ýylky reýtingini neşir etdi. Sanawa dünýäde iň baý 10 sany artistler girdi. Bu barada kp.ru habar berýär.

Reýtingiň birinji setirini eýýäm iki ýyl yzygider Dueýn Jonson eýeleýär. Onuň girdejisini Forbes $87,5 million diýip bahalandyrdy. Netflix kompaniýasyndan Jonson görkezilişe taýýarlanýan «Gyzyl duýduryş» («Красное уведомление») filmdäki roly üçin $23,5 mln gazandy. Ikinji orunda bir ýylyň içinde $71,5 mln gazanan Raýan Reýnolds ýerleşdi. Ol hem «Gyzyl duýduryş» filmine düşdi. Bu film aktýora $20 mln getirdi.
Üçlüge $58 mln girdeji bilen Mark Uolberg hem girdi. Onuň býujeti Netflix kartinalarynyň arasynda tomaşa edilen sany boýunça üçünji bolan «Spenseriň adalatlylygy» («Правосудие Спенсера») filminiň hasabyna doldy.
Sanawyň, esasan, Golliwudyň ýyldyzlaryndan ybaratdygyny bilmek kyn däl. Ýöne olaryň arasynda $48,5 mln gazanan hindi aktýory Akşaý Kumar hem bar. Golliwud aktýorlaryndan tapawutlylykda, ol pulunyň köp bölegini mahabatda gazandy.
Reýtinge Ben Afflek ($55 mln), Win Dizel ($54 mln), Lin-Manuel Miranda ($45,5 mln), Uill Smit ($44,5 mln), Adam Sendler ($41 mln) we Jeki Çan ($40 mln) hem girdi.
Umumylykda, olar bir ýylyň içinde 545,5 million dollar gazandylar. Bu puluň dörtden bir böleginden gowragyny aktýorlar Netflix-den gazandylar. Jonsonyň, Reýnoldsyň we Gal Gadotyň çykyş eden «Gyzyl duýduryş» filminiň premýerasy 13-nji noýabra meýilleşdirilen.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....