R.Meredow «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

  • 12.08.2020 08:27
  • 8.3k+

11-nji awgustda wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, dünýä jemgyýetçiliginiň täze ýokanjyň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barýan häzirki şertlerinde ýer ýüzüniň möhüm sebiti hökmünde Merkezi Aziýa döwletlerini hem-de Ýaponiýany birleşdirýän gatnaşyklaryň bu formaty hem öz nobatynda adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan gaýragoýulmasyz meselesiniň çözgüdiniň gözlenilmeginde çetde durup bilmez. Bu ugurda daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý hem-de ony ýeňip geçmegiň mümkingadar ýollary dogrusynda pikir alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändir.
Häzirki döwrüň wehimlerine garşy global jähtden jogabyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyna esaslanmak bilen, pandemiýa garşy göreşmek hereketlerinde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak prosesiniň işjeňleşdirilmegi maksadalaýyk bolup durýandyr.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde ýokanjyň täze görnüşine garşy göreşmekde gatnaşyjy-döwletleriň raýdaşlyk hereketleriniň esasy ýörelgelerini hem-de ýokanç tarapyndan ýüze çykarylýan keselleriň öňünden duýdurylmagyna we bejergisine gönükdirilen takyk çäreleri özünde jemleýän Maksatnamalaýyn resminamanyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygy dogrusyndaky başlangyç bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş maksatlarynda resmi kömek maksatnamasynyň çäklerinde lukmançylyk ulgamyndaky grant taslamasyny üpjün etmäge taýýarlygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Häzirki wagtda ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ulanylmagy maksady bilen, ýokanç keselleriniň bejergisi we öňüni alyş usullary, lukmançylyk tehnologiýalary, serişdeleri we enjamlary, şahsy gorag serişdeleri boýunça bilimleriň, şonuň ýaly-da maglumatlaryň yzygiderli alşylmagy uly ähmiýete eýe bolýar.
Mejlisiň çäklerinde ministrler şeýle-de «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň öňde duran 8-nji mejlisiniň gün tertibi dogrusynda hem pikir alyşdylar.
Belläp geçsek, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogy 2004-nji ýylda döredildi.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......