Wengriýa Türkmenistandan gaz import etmek bilen gyzyklanýar

  • 09.08.2020 01:47
  • 9.5k+

Wengriýa, esasanam, «Günorta gaz geçelgesi» arkaly tebigy gazyň importy bilen gyzyklanýar we Türkmenistany bu babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligi Trend agentligine mälim etdi.

Wengriýanyň Daşary işler ministrligi ýurtlaryň energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk barada ozal hem gürleşendigini aýtdy.

«Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Piter Siýýartonyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde hem energiýa meselesine üns çekildi» - diýip, ministrlik belleýär. Mundan başga-da, ministrlik ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşlyk edýän beýleki ugurlary barada-da durup geçdi.

Wengriýanyň Daşary işler ministrligi suw çeşmeleri baradaky ikitaraplaýyn pudagara şertnamanyň taslamasynyň häzirki wagtda barlag tapgyrynda durandygyny aýtdy. Şeýle hem ministrlik bu taslamanyň şu ugurda tejribe alyşmak üçin esas bolup hyzmat etjekdigini belleýär.

Ministrlik ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň başga bir ugruna ýüzlenmek bilen, «Wengriýa oba hojalygy babatdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berýär» - diýýär. Şunuň bilen baglylykda, ministrlik Wengriýanyň oba hojalygynyň eksport mümkinçilikleri barada nygtap, geljekde bolup biljek eksportlar üçin Wengriýanyň oba hojalyk önümlerine we olaryň hiline uly ynam bildirilýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, «Günorta gaz geçelgesiniň» ÝB-iň ileri tutulýan taslamalarynyň biridigini we 10 milliard kub metr azerbaýjan gazynyň Hazar sebitinden Gruziýa we Türkiýe arkaly Ýewropa daşalmagyny üpjün edýändigini bellemek gerek.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......