Alymlar nebit önümlerini dargadyjy serişdäni döretdiler

  • 07.08.2020 08:46
  • 7.5k+

Senagat tehnologiýalarynyň we dizaýnyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň Tehnologiýanyň we energetikanyň ýokary mekdebiniň işgärleri nebit önümlerini dargadyjy serişdäni döretdiler. Bu barada RIA Nowosti agentligine RF-iň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugynda habar berdiler. 

Täze bioserişdäniň esasy artykmaç tarapynyň biri onuň hem toprakda, hem suwda netijeli işleýändigidir. Mundan başga-da, onuň ulanylyşy ýönekeý we ol hünär başarnygyny talap etmeýär. 

«Bioserişde temperaturanyň pes derejesinde-de nebit önümlerini dargatmakda oňyn netije görkezdi» – diýip bellemek bilen, ministrlikde Arhangelsk sebitindäki «Sawwatiýa» obýektinde awiasion ýangyjy bilen hapalanan howdanyň 20 gije-gündizde 99,2% arassalanandygy barada gürrüň berdiler. 

Bioserişdäniň meýdandaky synagy dürli kärhanalaryň binýadynda, şol sanda nebit hapasynyň ýaşy üç ýyldan köp bolan ýerlerde hem geçirildi. Tejribeleýin arassalaýyş işiniň geçirilen bir ýylynyň içinde toprakda nebit önümleriniň düzümi 90% azaldy.
Alymlar heläkçiligiň esasynda dökülen nebiti we suwda, toprakda, asfaltda, betonda we beýleki gaty örtüklerde nebit önümlerini ýok etmeklige niýetlenilen özboluşly sorbenti hem döretdiler. Şeýle önümleriň nebit önümleriniň dökülen ýerlerinde ekologiki heläkçiligiň öňüni almaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......