Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy çagalarda barlagdan geçiriler

  • 05.08.2020 16:16
  • 17k+

Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymyny çagalarda barlagdan geçirmek işi indiki ýylyň ýanwar-fewral aýlaryna meýilleşdirildi. Bu barada Gamalei adyndaky Milli barlag merkeziniň ýolbaşçysy Aleksandr Ginsburg RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi. Muny lenta.ru habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, öň institut kämillik ýaşyna ýetmediklerde hiç haçan barlag geçirmändi. Häzir merkezde pediatrlar bilen bilelikde Saglygy goraýyş ministrligi üçin resminamalar toplumy taýýarlanylýar.

“Men sanjym çagalara gabat geler diýip umyt edýärin, ýöne Russiýanyň kanunyna laýyklykda, sanjym uly adamlarda synaglaryň ähli tapgyryny geçeninden soň, ony çagalarda barlamak we täze serişdäni hödürlemek bolýar, şonuň üçin synaglaryň üçünji tapgyry tamamlanandan soň, bize 18- barlagyny geçirmäge rugsat bererler” – diýip, ol belleýär.

Ginsburg adamlarda synaglaryň üçünji tapgyrynyň bäş aý töweregi dowam etjekdigini anyklaşdyrdy. Oňa iki müň töweregi adam gatnaşar.
Seçenow uniwersitetiniň biotehnologiýa we translýasiýa medisinasy institutynyň başlygy Wadim Tarasow serişdäniň çagalara goýberilmezden öň ösüp ýetişmedik haýwanlarda barlanyljakdygyny belledi.

“Heniz sanjymy çagalarda ulanmak barada gürrüň etmäge ir, ýöne çagalar howp astyndaky topar hem däl, olar keseli ýeňil geçirýärler” – diýip, Tarasow düşündirýär.

Çagalar üçin niýetlenilen sanjymyň barlaglary hem, kanuna laýyklykda, birnäçe tapgyrlarda dürli sanly gatnaşyjylarda we dürli ýaşdaky toparlarda geçirilýär. Şeýle-de, Ginsburg koronawirusa garşy sanjymyň täze koronawirusa garşy hemişelik immuniteti döretjeginiň näbellidigini belledi. Ol sanjym goýbermek işini birnäçe ýylda bir gezek geçirmeli bolar diýip çaklady.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

09.04.2026 20:12
6.9k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

09.04.2026 14:53
2.3k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....