Awstraliýada koronawirus bilen kesellemegiň 760 sany “düşnüksiz ýagdaýy” bellige alyndy

  • 04.08.2020 13:04
  • 16k+

Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda keselleme hasabatynyň ösmegi bilen baglylykda, “howp” režimi yglan edildi – soňky gije-gündizde ol ýerde keseliň 671 sany täze ýagdaýy ýüze çykaryldy diýip, BBC News telekanaly habar berýär.

Ştatyň 4,5 mln ilatly paýtagty Melburnda 4-nji derejeli howpsuzlyk çäreleri girizildi, oňa laýyklykda, ýaşaýjylara diňe özleriniň ýaşaýan ýerinden 5 km aralykda iýmit önümlerini satyn almak zerurlygy bolanda ýa-da sport bilen meşgullanmak üçin öýlerinden çykmaga rugsat berilýär. Şeýle çäklendirmeler 6 hepdeden az hereket etmez. Ştatyň premýeri Deniel Endrýusyň aýtmagyna görä, lukmanlara olaryň “düşnüksiz ýagdaýlar” diýip atlandyrýan 760 adamda kesel zynjyryny yzarlamak başartmady, bu belli bir derejede girizilen çäreleriň berkligini hem düşündirýär.
Premýer öň girizilen karantin çäreleriň garaşylýan netijäni bermändigini belleýär. “Bize aýgytly hereket etmek gerek. Bu muny başdan sowmagyň ýeke-täk usuly” – diýip, Endrýus aýdýar.
Lukmanlar keseliň “düşnüksiz ýagdaýlarynyň” ýüze çykmagyndan aladalanýarlar, bu ýagdaýda täze kesellänleri ýokanjyň eýýäm bar bolan merkezlerine baglap bolmaýar ýa-da olaryň anyklanan koronawirusy ýaýradyjy bilen gatnaşygyny tassyklap bolmaýar.
Bu ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almagy belli bir derejede kynlaşdyrýar we hökümeti has berk çäklendirmeleri girizmäge mejbur edýär. Düşnüksiz ýagdaýlaryň ýa-da heniz hem keseliň zynjyryny ýüze çykarmak prosesinde ýerleşýänleriň ýarysyndan köpüsi Melburnyň ýaşaýjylaryna degişli.
7,5 mln ilatly Gonkongda hökümet tutuş ýazy berk karantin çäresini girizmezden geçirip bildi, ýöne iýulda ol ýerde hem kesel ýaýrawy bellige alyndy, onuň köp bölegi düşnüksiz gelip çykyşly.
Netijede, hökümet mekdeplerde wagtyndan öň tomus dynç alşyny yglan etmeli, barlary, fitnes-klublary we kenarýaka dynç alşyny ýapmaly, 4 adamdan köp bolup ýygnanyşmagy gadagan etmeli we jemgyýetçilik ýerlerine örtüksiz çykylmagyna jerime girizmeli boldy.
Uly pandemiýadan gaçan Ýaponiýada, Bloomberg Law neşiriniň maglumatlary boýunça, “düşnüksiz gelip çykyşly keselleme” ýagdaýlary iýun aýynyň ortasyndaky 19%-den bir aýyň içinde 51%-e çenli köpeldi. Ýöne hökümet berk çäreleri girizmän, diňe howpsuzlygy berjaý etmegi maslahat bermek bilen çäklenýär.

düýn 20:17
3.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......