“Wektor” COVID-19-a garşy sanjymyň önümçiligine noýabrda başlamagy meýilleşdirýär

  • 03.08.2020 15:01
  • 13k+

Rospotrebnadzoryň “Wektor” döwlet ylmy merkezi täze koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň senagat önümçiligini noýabrda başlamagy meýilleşdirýär diýip, merkeziň baş müdiri Rinat Maksýutow habar berdi. Muny rg.ru ýetirýär.

“Biz önümçilige şu ýylyň noýabrynda çykmagy göz öňünde tutýarys. Şonuň üçin ýylyň ahyryna – indiki ýylyň başyna çenli yzygiderli köpçülikleýin sanjym işine, ilkinji nobatda, howp astyndaky toparlarda başlamak göz öňünde tutulýar” – diýip, ol “Rossiýa-1” telekanalynda “Habarlar” programmasynda aýtdy.

Öň, Rospotrebnadzoryň ýolbaşçysy Anna Popowa Saglygy goraýyş ministrliginiň “Wektor” tarapyndan taýýarlanylan COVID-19-a garşy sanjymyň howpsuzlygynyň we täsirliliginiň kliniki synaglaryny geçirmäge rugsat berendigini we onuň meýletinçilerde synagyna başlanandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, wise-premýer Tatýana Golikowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen ýurtda sanitar-epidemiologik ýagdaý boýunça mejlisde meýilnama boýunça bu sanjymyň döwlet bellige alnyşynyň sentýabrda bolmalydygyny, birinji senagat tapgyryny bolsa oktýabrda geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Belläp geçsek, Russiýada bir wagtda koronawirusa garşy dört sanjym taýýarlanylýar. Olaryň ikisi – Goranmak ministrliginiňki we Russiýanyň saglygy goraýyş ministrliginiň Gamalei adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň merkeziniňki – eýýäm adamlarda synagdan geçdiler.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......