BSGG koronawirus sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgünini uzaldýar

  • 03.08.2020 08:00
  • 11k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly halkara adatdan daşary ýagdaý tertibini ýene üç aý uzaltdy diýip, RIA Nowosti agentligi habar berýär.

Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komiteti Ženewada geçirilen ýygnakdan soň mälim etdi.
Komitet COVID-19-yň henizem jemgyýetiň saglygy üçin çynlakaý howp bolup durýandygy we dünýäniň köp ýerinde alada döredýändigi bilen ylalaşýar. Şeýle hem komitet adatdan daşary ýagdaý düzgünini uzaltmak baradaky teklibini guramanyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesusa hödürledi.
BSGG-niň ýolbaşçysy häzirki pandemiýanyň "asyrda bir gezek bolup geçýän, netijeleri ýakyn onýyllyklarda duýuljak" çökgünlikdigini aýtdy. Şeýle hem Gebreýesus Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň immuniteti öwrenmek baradaky maglumatlaryna görä, wirusyň has kiçi göwrümde ýüze çykan ýurtlaryny hem hasaba almak bilen, dünýä ilatynyň aglaba böleginiň bu wirusa duçar bolýandygyny belledi.
Komitet Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna pandemiýa garşy göreşde dünýä hem-de sebit guramalaryny “utgaşdyrmagy we mobilizlemegi dowam etmegi", ýokançlygyň ýaýramagynyň öňüni almakda ýurtlara goldaw bermegi we koronawirusyň tebigy çeşmesini kesgitlemek boýunça gözleg işlerini çaltlaşdyrmaga ýardam bermegi maslahat berdi.
Bu BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň 18 hünärmenden we 13 geňeşçiden ybarat dördünji ýygnagydy. Onuň maksady pandemiýa garşy göreşiň häzirki ýagdaýyna baha bermek we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin teklipleri taýýarlamak bolup durýar.

Öň, möwsümiň çalyşmagynyň täze görnüşli koronawirus ýokançlygynyň ýaýraýşyna täsir etmeýändigi barada habar beripdik.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......