"Microsoft" işgärlerine 2021-nji ýyla çenli öýde işlemäge rugsat berdi

  • 02.08.2020 07:19
  • 4.2k+

"Microsoft"-yň işgärleri 2021-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli öýde oturan ýerlerinden işläp bilerler. Bu barada Gazeta.ru salgylanyp, Trend habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat sekretary kompaniýanyň her işgäriniň öz işleýän sebitinde, ýurtda we ştatda ýerli derejede pandemiýanyň ýagdaýyna gözegçilik edýändigini belledi. Şeýle hem ol, öýde işlemek tertibiniň ýatyrylmaly senesiniň şol gözegçilige laýyklykda kesgitleniljekdigini aýtdy.
Microsoft-yň 30-njy iýuna çenli çärýekdäki girdejisi 38,0 milliard dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 13% köpeldi. Bu döwür üçin amal girdejisi 8% artyp, 13,4 milliard dollara ýetdi. Arassa girdeji 15% artyp, 11,2 milliard dollara barabar boldy. Korporasiýanyň ýolbaşçylary esasy ünsi täjirçilik bulut tehnologiýalaryny üpjün etmek boýunça sargytlaryň ýagdaýyna gönükdirdiler. Şeýle tehnologiýalaryň paýy bir senenama ýylynda ilkinji gezek 50 milliard dollar girdeji gazandy.

Öň, "Google" korporasiýasynyň işgärlerine iň bolmanda 2021-nji ýylyň tomsuna çenli öýlerinde işlemäge rugsat berjekdigi barada habar beripdik.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......