BAE-den Türkmenistana lukmançylyk ýükli ynsanperwer kömek ugradyldy

  • 01.08.2020 07:52
  • 46k+

Birleşen Arap Emirlikleri iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistana 60 tonna lukmançylyk enjamy ýüklenen uçar ugratdy. Bu barada Emirlikleriň Habarlar gullugyna salgylanyp, Arzuw NEWS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ýük BAE-den Türkmenistana ugradylmagy meýilleşdirilen 90 tonna lukmançylyk enjamlarynyň 2/3 bölegi bolup, ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça​ Döwlet meýilnamasynyň çäginde zähmet çekýän, takmynan, 90 müň saglygy goraýyş işgärini goldamak üçin bölünip berilýär.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jogapkär wekili Abdulaziz al-Haşimi bu barada şeýle teswir berdi:

"BAE we Türkmenistan iki dostlukly ýurduň Liderleriniň umumy bähbitleri üçin ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli berkitmek we ösdürmek ugrundaky tagallalarynda goldaw berýän ajaýyp ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýarlar".

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......