Ýewropa Bileleşiginiň jemi içerki önümi ikinji çärýekde 14,4% pese gaçdy

  • 01.08.2020 07:38
  • 5k+

Ýewropa Bileleşiginiň jemi içerki önümi, deslapky hasaplamalar boýunça, ikinji çärýekde 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,4% pese gaçdy. Bu barada Ýewrostat ýewropa statistik agentligine salgylanyp, ТАSS ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna laýyklykda, bu pese düşme 1995-nji ýyldaky gözegçiliklerden bäri iň düýpli aşaklama boldy. Birleşigiň esasy ýurtlary bolan Fransiýanyň we Germaniýanyň jemi içerki önümleri degişlilikde 19% we 11,7% kemeldi. Uly pese gaçyş Ispaniýada bellige alynýar: geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende korollygyň JIÖ-i 22,1% azaldy. Koronawirus pandemiýasy Litwanyň ykdysady görkezijilerine az täsirini ýetirdi, 2019-njy ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende bu görkeziji bary-ýogy 3,7% pese düşdi.
Agentlikde ýewro zolagyň ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň şu ýylyň ikinji çärýeginde 12,1% rekord derejede pese gaçandygyny, ykdysadyýetiň resessiýa girendigini hem habar berdiler. Onuň maglumatlary boýunça, ýewro zolagyň jemi içerki önümi ýyllyk aňlatmasynda 15% kemeldi.
Ýewropa ykdysadyýeti koronawirus pandemiýasy sebäpli, amerikan ykdysadyýetine garanda has köp zyýan çekdi. ABŞ-nyň jemi içerki önümi ikinji çärýekde 9,5% pese gaçdy.
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary barada aýdylanda, olaryň JIÖ-i aprel-iýunda geçen çärýekdäki 3,2% pese düşme bilen deňeşdirilende 11,9% rekord derejede pese gaçdy. Ýyllyk aňlatmasynda pese gaçyş geçen çärýekdäki 2,5% pese düşmä garşy durup, 14,4%-e barabar boldy.
Ýylyň birinji çärýeginde ýewro zolagyň jemi içerki önüminiň göwrümi €2,9 trilliona, Ýewropa Bileleşiginiňki €3,4 trilliona barabar boldy. Şu aýda Ýewropa liderleri €750 mlrd möçberli gazna döretmek barada ylalaşdylar, bu gaznadan has zyýan çeken ykdysadyýetleri dikeltmek üçin serişde bölünip berler.

düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.5k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....