Türkmenistanda Azerbaýjanyň önümi bolan seýsmologik stansiýalary oturtmak meýilleşdirilýär

  • 31.07.2020 07:39
  • 12k+

Türkmenistanda akustik galmagallar arkaly ýer titreme ähtimallygyny çaklamaga ukyply bolan RNM ASP azerbaýjan seýsmologik stansiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary tarapyndan Azerbaýjanyň YMA-nyň dolandyryjy ulgamlar institutyndan kärdeşler bilen bu edaralaryň arasynda Şertnama baglanyşmazdan öň esasy taraplary maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Turkmenmetbugat saýtynyň habar bermegine görä, alymlar Türkmenistanda RNM ASP seýsmologik stansiýalaryň gurluşyna gönükdirilen geljekki ikitaraplaýyn işleri meýilleşdirmeklige hem üns berdiler.

RNM ASP stansiýalary ýer titremäniň döremeginiň ähtimallygyny çaklamak maksady bilen kabul edilýän seýsmik akustik galmagallaryny analizleýär. Özleriniň önüminiň mümkinçiligi barada azerbaýjan ylmy işgärleri ýörite taýýarlanylan tanyşdyrylyş dabarasynda gürrüň berdiler. RNM ASP hatarynyň seýsmologik stansiýalarynyň ýer titremeleri öňünden kesgitlemek we duýdurmak işini üpjün edýän innowasion önümdigi bellenilip geçilýär. Olaryň işi täze noise-tehnologiýalaryna esaslanýar. Azerbaýjanda şeýle gurluşlaryň 10-a golaýy hereket edýär. Akustik galmagallaryny analiz etmek arkaly olar anomal seýsmiki işjeňligi olara dowamly gözegçilik etmek bilen dessin anyklamak işini üpjün edýär.

Azerbaýjan alymlarynyň anomal hadysalaryň ýüze çykarylýan wagtynda RNM ASP stansiýalary tarapyndan bellige alynýan maglumatlary anyklamagyň intellektual ulgamyny döretmeklige gönükdirilen işi bilelikde alyp barmak baradaky teklipleri Türkmenistanyň çäklerinde ýokary seýsmik taýdan howply seýsmologik hatarlary peseltmek boýunça Maksatnamany durmuşa geçirmäge gönükdirilen ädimleriň biri bolup durýar. Taslama wulkanlaryň işine gözegçilik edýän 22 sany täze seýsmologik stansiýalarynyň gurluşyny öz içine alýar. Azerbaýjanda eýýäm hereket edýän stansiýalary geljekde Türkmenistanyň territoriýasynda guruljak stansiýalar ulgamy bilen birikdirmek meýilleşdirilýär.

düýn 15:44
7k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

16.05.2026 09:24
4.7k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......