Türkmenistan we Katar pandemiýa garşy göreş meselelerini maslahatlaşdy

  • 30.07.2020 07:42
  • 8.7k+

Düýn Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan we dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy meselesine deglip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde halkara bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny belläp, bu ugurda anyk netijeleri gazanmak üçin dünýäniň ähli döwletleriniň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

şu gün 19:20
1.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 14:40
1.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
2.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.8k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......