Geýts koronawirusdan doly goranmak üçin birnäçe doza sanjym gerek bolar diýip hasaplaýar

  • 24.07.2020 15:22
  • 10k+

Mümkin bolan sanjymyň birnäçe dozasyny sanjyp goýbermek bilen täze görnüşli koronawirus ýokanjyndan doly goragy üpjün edip bolar. Şeýle pikiri Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada ТАSS habar berýär.

“Häzirki wagtda sanjymlaryň hiç biri-de bir dozanyň goýberilmegi bilen täsir etjek ýaly görünmeýär" — diýip, ýokanja garşy göreşe $300 mln sarp eden milliarder hasaplaýar.

Geýts sanjymyň tutuş dünýä boýunça ýaýramagy üçin ählumumy tagallalaryň gerekdigini aýdýar.

“Eger-de siz koronawirusyň ýokuşmagyna doly böwet bermek isleseňiz, onda ählumumy möçberde ilatyň 70-80%-ini gurşap almak gerek. Bu juda uly görkeziji” – diýip, telekeçi belleýär.

2015-nji ýyldan bäri pandemiýa howpy barada duýduryp gelýän Geýts islendik sanjymyň netijeliligi bilen baglylykda “köp nätakyklyklaryň” boljakdygyny boýun aldy, ýöne serişdäniň “wagtyň geçmegi bilen kämilleşjekdigini” hem belledi.

Ol Donald Trampyň ABŞ-da koronawirusdan ölüm derejesiniň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende pesdigi baradaky beýannamasyny hem tankytlady. “Tas ähli görkezijiler boýunça (ýokanç bilen bagly ýagdaý boýunça) ABŞ iň ýaramazlarynyň biri bolup durýar” – diýip, planetanyň iň baý adamlarynyň biri belleýär. “Düýpli ýalňyşlyklar goýberildi” – diýip, ol täze görnüşli koronawirus ýaýrawyna garşy göreş boýunça hökümetiň hereketleri barada aýtmak bilen, sözüniň üstüni ýetirdi. Geýts ABŞ-da beýleki ýurtlara garanda agyz-burun örtüginiň seýrek dakylýandygyny hem belledi.

Telekeçi özüniň adamlara hamala täze görnüşli koronawirusa garşy göreş hökmünde mikroçipleri girizmekçidigi baradaky gürrüňleri toslamadygyny ýene bir gezek ýalana çykardy. Muňa garamazdan, YouGov sosiologik kompaniýasynyň maglumatlary boýunça, amerikanlaryň 28%-i bu gürrüňlere ynanýarlar. “Hakykat üstün çykmaly – diýip, ol belleýär. — Men adamlar hakykaty bilenlerinden soň, bu gürrüňler ýiter diýip umyt edýärin”.

düýn 21:05
5.1k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
8.6k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.3k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....