Nebit koronawirusyň waksinasy hakyndaky oňyn gürrüňleriň netijesinde gymmatlaýar

  • 22.07.2020 23:20
  • 10k+

Nebitiň etalon markalarynyň bahasy koronawirusa garşy sanjymyň synaglarynyň oňyn netijeleri baradaky täzeliklerde aram ýagdaýda ýokarlanýar diýip, INTERFAKS agentligi habar berýär.

«Brent» söda belgili nebitiň barreli 43,40 dollara barabar boldy, bu bolsa geçen sessiýanyň jemindäki bahadan $0,12 (0,28%) ýokarydyr.
«WTI» nebitine fýuçersler Nýu-Ýorkyň söwda biržasynyň elektron bazarynda şu wagta çenli bahasynda $0,03 (0,07%), ýagny barreline 40,84 dollara çenli ýokarlandy. Geçen bazarlaryň ýapylyşyna çenli bu şertnamalaryň bahasy $0,22 (0,5%) artdy.
«WTI-niň» awgust şertnamasy sişenbe gününde bazarlaryň ýapylmagy bilen möhletini tamamlaýar. WTI-niň sentýabr fýuçersiniň bahasy sişenbe güni irden $0,05 (0,12%) ýokarlanyp, barreline 40,97 dollara barabar bolýar.
Lancet žurnalyndaky bildirişe laýyklykda, Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylýan koronawirusa garşy sanjym, deslapky maglumatlar boýunça, synagdan geçirilenlerde wirusa garşy immun jogabyny döretmäge kömek etdi.
Şol bir wagtda ylmy neşirde sanjymyň synaglaryny indi koronawirus boýunça howp astyndaky toparlarda, baglanyşykly geçýän keselli saglygy goraýyş gurşawynyň işgärleriniň hem-de garry adamlaryň gatnaşmagynda geçirilmelidigi bellenilýär.
Sanjymyň synaglarynyň birinji netijesiniň gowy täzelikdigine garamazdan, alymlar onuň gorag üçin ýeterlikdigini anyk aýtmaga heniz irdigini aýdýarlar diýip, Think Markets kompaniýasynyň analitigi Fawad Rasakzada belleýär.
Ol “soňky birnäçe hepdede nebitiň bahasynyň “juda parahat” bolandygyny we munuň ýakyn wagtda birden hereketiň başlajakdygyny görkezýändigini belleýär.
Şunuň bilen birlikde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň liderleri dört gün dowam eden gepleşiklerden soň koronawirus pandemiýasyndan zyýan çeken ykdysadyýeti dikeltmegiň meýilnamasy hem-de Ýewropa Bileleşiginiň 2021-2027-nji ýyllar üçin býujeti boýunça ylalaşyga geldiler diýip, Ýewropa sowetiniň başlygy Şarl Mişel habar berdi.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......