BMG-niň Baş sekretary: COVID-19 häzirki zaman jemgyýetiniň ähli kemçilikleriniň üstüni açdy

  • 20.07.2020 23:14
  • 11k+

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 14 million adama ýetdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlary boýunça, ölüm sanynyň statistikasy hem barha ýokarlanýar, pandemiýanyň netijesinde tas 600 müň adam ýogaldy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş COVID-19 pandemiýasy baý we garyp ýurtlaryň arasyndaky düýpli tapawudy, dünýä döwletleriniň wirusa garşy bilelikde göreşmäge ukypsyzlygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykardy diýip hasaplaýar.

“Ykdysadyýetde, sosial gurşawda COVID-19 epidemiýasynyň netijelerini sazlaşdyrmak üçin bize global möçberde düýpli tagallalaryň toplumy gerek bolýar. Gürrüň dünýäniň JIÖ-niň 10%-i barada, ýagny trillion dollarlar barada gidýär – diýip, Guterriş Euronews teleýaýlymyna beren interwýusynda aýdýar. — Güýçli ykdysadyýetli ösen döwletlerde şeýle serişdeler bar: ABŞ-da, Ýewropada uly serişdeler bölünip aýrylýar. Ýöne planetanyň beýleki sebitleri barada hem pikir etmek – ösüp barýan ýurtlara goldaw bermek gerek.

BMG-niň Baş sekretarynyň aýtmagyna görä, Ýer ýüzüniň ilatynyň aglaba köplügi deňsizlik şertlerinde ýaşaýar, bu bolsa biziň döwrümiziň häsiýetli tarapydyr. Ol Ýer ýüzüniň 26 sany baý adamynyň dünýä baýlyklarynyň ýarysyny öz ellerinde jemleýändigini ýatlap geçdi. Şunuň bilen birlikde raýdaşlyga derek köp ýurtlarda populistik meýiller güýç toplaýar.
“Pandemiýanyň has agyr ýaýran ýurtlarynyň köpüsi hökümetde populistleriň ýerleşýän ýurtlarydyr. Olar COVID-19-a garşy netijeli durmaga düýbünden ukypsyz boldular. Men wirus aýrylýança adamlar häzirki ýagdaýda populistik çäreleriň däl-de, raýdaşlygyň we halkara hyzmatdaşlygyň, adamzadyň şu gün çaknyşan çökgünlik meselelerini çözmek üçin global institutlaryň gerekdigine düşüner diýip umyt edýärin” – diýip, BMG-niň Baş sekretary ynanýar.
Guterriş pandemiýa adamzadyň onlarça ýylyň dowamynda ähmiýet bermedik ähli ýetmezçilikleriniň üstüni açdy diýip hasaplaýar: köp ýurtlarda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň pes derejesi, gurluş deňsizligi, daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy we ş.m. “Deňsizligi azaltmakda we garyplygy ýok etmekde uly ösüşlere ýeten bitewi sebitler sanlyja aýyň içinde birnäçe ýyl yza çekildi” – diýip, ol belleýär.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.3k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......