Millionlarça VPN ulanyjylaryň maglumatlary Internet toruna ýaýrady

  • 20.07.2020 17:48
  • 18k+

VPN hyzmatlaryndan peýdalanýan 20 milliondan gowrak ulanyjynyň maglumatlary Internet torunda peýda boldy we köpçülige elýeterli boldy. Bu barada vpnMentor guramasynyň gözleg toparynyň web sahypasynda habar berildi diýip, lenta.ru ýetirýär.

Maglumatlaryň UFO VPN, FAST VPN, Free VPN, Super VPN, Flash VPN, Secure VPN we Rabbit VPN programmalarynyň ulanyjylaryna degişlidigi anyklanyldy. Kiber jenaýatçylar internetde VPN ulanyjylarynyň e-poçta salgylaryny, tekst görnüşindäki parollaryny, IP we ýaşaýyş-öý salgylaryny ýerleşdirdiler. Olaryň arasynda ulanyjylaryň telefonlarynyň modelleri hakyndaky we beýleki şahsy maglumatlary-da bar. Bu maglumatlaryň umumy göwrümi jemi 1,2 terabaýta barabardyr.

Ýadymyzda bolsa, iýun aýynyň ahyrynda “Telegram” habarlaşmasynyň birnäçe million ulanyjysynyň maglumatlary şeýle ýol bilen köpçülige ýaýrapdy. Ulanyjylaryň telefon belgilerini bilmäge mümkinçilik berýän, takmynan, 900 MB ýer tutýan bu baza darknetiň forumlarynyň biri bolup çykypdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......