Saud Arabystanynyň patyşasy hassahana düşdi

  • 20.07.2020 17:09
  • 20k+

Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdel-Aziz Al Saud Er-Riýadyň hassahanasyna düşdi diýip, Neşir işiniň saud agentligi habar berýär, muny RBK ýetirýär.

Monarh öt haltasynyň çişmegi sebäpli hassahana ýerleşdirildi. Ol lukmançylyk barlaglaryndan geçer diýip, neşir anyklaşdyrýar. Korol Salman 84 ýaşynda. 18 ýaşynda – 1953-nji ýylda ol korolyň wekili we Er-Riýadyň emiri boldy. On ýyldan soň Salman Er-Riýad welaýatynyň gubernatorlygyna bellenildi we 2011-nji ýyla çenli bu wezipäni eýeledi. Bu döwürde Er-Riýad şäheri çalt ösüşe eýe boldy, onuň ilaty 1960-njy ýyllardaky 150 müňden 1980-nji ýyllarda milliona çenli artdy. Häzir Saud Arabystanynyň paýtagtynda 7 milliondan gowrak adam ýaşaýar.
Salman tagta 2015-nji ýylda çykdy, sebäbi ozalky korol Abdalla ýogaldy. Mirasdüşer şazada diýlip onuň dogany Mukrin ibn Abdul-Aziz Al Saud bellenilipdi.
Belläp geçsek, 18-nji iýulda Saud Arabystanynyň goňşusy bolan Kuweýtiň hökümeti bu döwletiň ýolbaşçysy emir Sabah al-Ahmed al-Jaber as-Sabahyň lukmançylyk barlaglaryndan geçmek üçin hassahana ýerleşendigini habar berdi. Onuň kiçi dogany we mirasdüşer şazada Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabah emiriň wezipeleriniň birnäçesini wagtlaýyn ýerine ýetirer. Soňrak lukmanlar emiriň operasiýa edilendigini we onuň üstünlikli geçendigini habar berdiler.

düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......