Tramp COVID-19 pandemiýasyna baha bermekde ýalňyşandygyny boýun aldy

  • 20.07.2020 17:00
  • 15k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň käbir görkeziji bahalarynda özüniň ýalňyşandygyny boýun aldy, bu barada UNN agentligi ýazýar.

“Men hemmeler ýalňyşlyga ýol berýär diýip hasaplaýaryn” – diýip, döwlet ýolbaşçysy Fox News telekanalyna beren interwýusynda, ýagny oňa onuň has şübheli bildirişlerinden bölekler görkezilende aýtdy.
Söhbetdeşlik wagtynda telekanal ABŞ-nyň prezidentiniň gürrüňiň, hakykatda, koronawirus sebäpli ýüze çykýan keseliň ölümlilik derejesi barada gidýärkä, “ölüm sany” diýen düşünjäni ulanýandygyny görkezdi. Tramp ABŞ-da bu görkezijiniň, munuň hakykata laýyk gelmeýändigine garamazdan, dünýäde iň pes görkezijidigini birnäçe gezek nygtady. Federal we ýerli hökümetleriň maglumatlarynyň esasynda hasap çykarýan Jons Hopkins amerikan uniwersiteti Birleşen Ştatlarda (7-nji orun) COVID-19 sebäpli ölüm derejesi Beýik Britaniýa, Meksika, Eýrana, Indoneziýa, Müsüre we Yraga garanda pes, ýöne Braziliýadan we Russiýadan başlap, beýleki ýurtlara garanda ýokary diýip hasaplaýar.
Şunuň bilen birlikde, Tramp 1-nji iýulda pandemiýanyň tiz tamamlanjakdygyna umyt bildirende hakykata garşy ýalňyşlyk goýbermändigini belledi. “Ahyrky hasapda meniňki dogry bolar” – diýip, ol pandemiýanyň iru-giç gutarjakdygyny göz öňünde tutup aýdýar.
Jons Hopkins uniwersitetiniň barlagçylarynyň maglumatlary boýunça, ABŞ-da koronawirus bilen kesellemegiň 3,73 mln ýagdaýy hasaba alyndy, 140 255 adam ýogaldy, 1 122 720 adam sagaldy. ABŞ-nyň territoriýasynda ölümiň ýokary sany esasan, Nýu-Ýork (34,4 müňden gowrak), Nýu-Jersi (15,7 müň töweregi) we Massaçusets (8,4 müňden gowrak) ştatlaryna degişli. Ýurtda yzygider üç gün koronawirus bilen 70 müňden gowrak adam keselleýär.

düýn 20:17
3.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......